Soňky habarlar

Ýaşlar syýasatynyň çäklerinde

Golaýda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde guralan maslahatda şu ýylyň 10-njy sentýabryndaTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýaşlar syýasaty boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen döredilen Iş toparynyň maslahaty geçirildi. Maslahaty Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary alyp bardy. Ol bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň, şeýle-de, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli guramalary bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň, ylalaşylan resminamalaryň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Mundan başga-da, geçirilen duşuşyklarynyň netijlerini belläp geçdi. Umuman, BMG bilen ýaşlar boýunça hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Çykyşda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” çäklerindäki ädimlere hem aýratyn orun berildi.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň wekiliniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliniň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň wekiliniň çykyşlary diňlenildi. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýaşlar syýasaty we köpçülikleýin sport çäreleri bölüminiň başlygy hem ýaşlar syýasaty ugryny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň anyk bolmagynyň ähmiýetini aýdyp, öňde duran wezipelere ünsi çekdi.

Ähmiýetli maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 30-dan gowragynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň bütin dowamynda ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek ugrundaky taýsyz tagallalary üçin Arkadag Prezidentimize hoşallyk sözleri beýan edildi.

Rahat SAMATOW.