Soňky habarlar

Sanly ulgam arkaly okuw-maslahaty

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen bilelikde sanly ulgam arkaly okuw-maslahaty geçirildi.

Okuw-maslahty «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde, ýurdumyzyň ýaşlar barada döwlet syýasatynyň çygryndaky kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi we bu işlere ýaşlary çekmekde ýaş meýletinçileriň orny şygary bilen guraldy.   

Sanly ulgam arkaly guralan maslahata Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleri,  ýokary okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik işlerine jogapkär işgärleri hem-de işjeň talyplar gatnaşdylar.

www.msy.gov.tm