Soňky habarlar

 ​​​​​​​Wagyz-nesihat çäresi

2020-2021-nji okuw ýylynyň «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli  «Bagtyýarlygyň uçurymlary» atly şygar astynda Balkanabat şäheriniň ähli orta mekdeplerinde mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirilýär.

Şeýle wagyz-nesihatlaryň biri Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebinde TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi, welaýat prokuraturasy we Balkan welaýat polisiýa müdirligi, ýerli polisiýa  bölümleri bilen bilelikde gecirildi.

Maslahatda çykyş edenler ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaş nesiller barada örän uly aladalaryň edilýändigini durmuş hakykatlaryna salgylanmak arkaly gürrüň berdiler.

Agzybir hem zähmetsöýer halkymyzyň asuda hem eşretli durmuşda ýaşamagy, ösüp gelýän ýaş nesilleriň geljegi hakynda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

 Gözel SAPARMÄMMEDOWA,

 TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.