Soňky habarlar

Ýaşlar maslahata gatnaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Sport parahatçylygyň, dost-doganlygyň ilçisi» atly maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyzyň watansöýer, sagdyn bolup ýetişmekleri babatda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen guralan maslahatyň dowamynda sportuň döwletleri ýakynlaşdyrmakda we sagdyn nesilleri kemla getirmekde ähmiýetli serişdedigi hakynda gürrüň edildi.

«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde guralýan maslahatlaryň we wagyz-nesihat duşuşyklarynyň hataryny uzaldan bu maslahat oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.  

Maslahat Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde guraldy.

Gurban KASYMOW,

Türkmenistanyň Sport we Ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň başlygy.