Halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Hormatly myhmanlar!
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara serginiň açylmagy hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu serginiň we ylmy maslahatyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we giňeltmekde, özara tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanyp, sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hatarynda öňdäki orunlary eýeleýär. Häzirki zaman şertlerini we Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň geljegini nazara alyp, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda bilim hem-de sport ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça milli maksatnamalarymyzy hem-de bu ugurdaky toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris.
Ýurdumyzda döwrebap bilim edaralaryny hem-de iri sport toplumlaryny gurmak, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan nesli terbiýelemek, şeýle hem jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek babatda uly tejribe toplandy.
Biz daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň, işewürler düzümleriniň, bilim we ylym merkezleriniň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň berk binýadyny döredýäris.
Garaşsyz ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, welaýatlarda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara derejede geçirilýän forumlar, maslahatlar, sergiler, festiwallar, olimpiadalardyr çempionatlar örän netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, bilimde we sportda täze üstünlikleriň gazanylmagyna uly täsir edýär. «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergä hem-de ylmy maslahata alymlaryň we professorlaryň, iri halkara sport guramalarynyň wekilleriniň, iň häzirki zaman kompýuterlerini, barlaghana enjamlaryny, mekdep mebellerini, okuw-görkezme esbaplaryny, sport lybaslaryny we esbaplaryny öndürýän, programma üpjünçiligini taýýarlaýan meşhur kompaniýalaryň gatnaşmagy bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berer.
Gadyrly myhmanlar!
Häzirki döwürde biz bilim işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýäris. Milli ykdysadyýetimiziň ösüş aýratynlyklaryna laýyklykda, biz durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen bir hatarda häzirki zaman bilim edaralaryny gurýarys, täze ýokary okuw mekdeplerini döredýäris, halkara bilim gatnaşyklaryny has-da ösdürýäris. Dünýäniň ösen döwletlerinde bolşy ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda innowasiýalaryň, täze bilimleriň, ylmyň, tehnologiýalaryň hem-de bäsdeşlige ukyplylygyň möhüm hereketlendirijisine öwrüljek sanly bilimi ösdürmegi yzygiderli dowam etdirýäris.
Halkara serginiň hem-de ylmy maslahatyň çäklerinde siz Aşgabat şäherindäki bilim edaralarynda öňdebaryjy dünýä tejribeleriniň mugallymçylyk işine ornaşdyrylyşy, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalarynyň amala aşyrylyşy bilen tanşyp, ýurdumyzyň dünýäde tutýan ornunyň hemmetaraplaýyn berkeýändigine şaýat bolarsyňyz.
Gadyrly dostlar!
Türkmenistan köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini hem-de sport medeniýetini ösdürmek bilen, sport äleminde gülläp ösýän ýurt hökmünde giňden tanalýar.
Gysga döwürde jemgyýetimiziň sagdynlygynyň, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşiniň möhüm bölegi hökmünde giň gerimli sport özgertmelerimizi hem üstünlikli amala aşyryp, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda döwrebap sport desgalaryny, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen stadionlary, sport mekdeplerini, atçylyk-sport toplumlaryny, sport meýdançalaryny gurduk.
Bu ugurda alnyp barylýan işler Türkmenistany iri sport çärelerini ýokary derejede guramaga hem-de geçirmäge ukyply döwletleriň hatarynda dünýä äşgär etdi. Üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilen köpçülikleýin welosiped we ylgaw ýaryşlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty biziň ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Birleşen Milletler Guramasynyň her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmegi biziň ählumumy ösüşiň, parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine gönükdirilen sport diplomatiýamyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygyna şaýatlyk edýär. Biz ýurdumyzyň beýik geljeginiň bähbidine bilim we sport ulgamlaryny ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerimizi geljekde hem dowam etdireris.
Gadyrly myhmanlar!
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Sizi «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW