Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Nowruz Ataýew Günorta Koreýada dowam edýän sambo boýunça dünýä çempionatynyň 3-nji güni hormat münberine çykmagy başardy.
Söweşjeň sambo boýunça geçirilen ýaryşda türkmenistanly türgen 52 kilograma çenli agramda başarnygyny görkezip, dünýä çempionatynyň bürünç medalyny gazandy.
Dünýä çempionatynyň ilkinji iki gününde türkmen samboçylary 3 medal (1 kümüş, 2 bürünç) gazandylar.
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň 5-nji ýyl talyby Ahmet Taňryberdiýew (57 kg) bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri Çarymyrat Annagurbanow (100 kg) bürünç medala mynasyp boldular.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Kerimberdi Döwletow bolsa (62 kg) çempionaty kümüş medal bilen tamamlady.
www.msy.gov.tm