Soňky habarlar

Sportda dopinge garşy göreşmek boýunça Bütindünýä maslahaty geçirilýär

2019-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Polşanyň Katowise şäherinde sportda dopinge garşy göreşmek boýunça Bütindünýä maslahat öz işine başlady. Bu barada Bütindünýä doping agentliginiň resmi saýtynda (www.wada-ama.org) habar berilýär.
Katowise şäherinde dowam edýän maslahata dünýä döwletlerinden, şol sanda Türkmenistandan 1700 töweregi wekil gatnaşýar. Maslahatda biziň ýurdumyza  Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary Gulmyrat Agamyradow, Ministrligiň Ýokary netijeli sport we olimpiýa hereketini utgaşdyryş bölüminiň müdiri Ata Akmämmedow we Türkmenistanyň dopinge garşy göreşmek baradaky milli agentliginiň başlygy Resul Çaryýew wekilçilik edýär.
Şeýle-de, Polşa Respublikasynyň Prezidenti, Bütindünýä dopinge garşy göreşmek baradaky agentligiň ýolbaşçylary, Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti, dünýä döwletleriniň milli olimpiýa komitetleriniň wekilleri, Halkara sport federasiýalarynyň wekilleri, Polşanyň sport we syýahatçylyk ministri, Katowise şäheriniň häkimi Bütindünýä maslahatyň işine gatnaşýar. 
Sportda dopinge garşy göreşmek, dopinge garşy göreşmek baradaky Kodekse täzeden seretmek we goşmaçalar girizmek, şonuň ýaly-da dopinge garşy göreşmek baradaky standartlary kämilleşdirmek baradaky meseleler maslahatyň gün tertibine girizilipdir.
Sportda dopinge garşy göreşmek boýunça Bütindünýä maslahaty 7-nji noýabra çenli dowam eder.
www.msy.gov.tm