1-nji noýabrda Sankt-Peterburgda, «Russiýa- meniň taryhym» Taryh seýilgähinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby bilen tanyşdyrylyş boldy.
Çäräni Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň goldamagynda Dünýä türkmenleri ynsanperwer assosiasiýasynyň Sankt-Peterburg we RF-iň Demirgazyk-günbatary boýunça bölümi, Sankt-Peterburgdaky «Mekan» Türkmen medeniýeti jemgyýeti, Sankt-Peterburgyň Milletara gatnaşyklary we migrasiýa syýasatyny durmuşa geçirmek baradaky komiteti, Sankt-Peterburgyň Milletler öýi guradylar.
Dabarada bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna bagyşlanan tapgyry dowam edýän kitap bilen tanyşdyrylyşyň Russiýanyň medeni paýtagty Sankt-Peterburgda geçirilmeginiň özi simwoliki ähmiýete eýedir.
Bu ýere gelenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belli türkmen tohum itiniň artykmaçlygy barada gyzykly maglumatlar, arheologik barlaglaryň netijeleri baradaky we etnografik maglumatlar, şeýle hem alabaýyň keşbiniň halk döredijiliginde beýan edilşinden mysallar getirilýän täze eseriniň gysgaça mazmuny bilen tanyşdyryldy.
Türkmen žiwopisçileriniň suratlary we halkymyzyň amaly-haşam eserleriniň sergisi duşuşygyň tematikasynyň üstüni ýetirdi.
Serginiň açylyşyna Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň: daşary gatnaşyklar baradaky komitetiniň, Milletara gatnaşyklar baradaky komitetiniň, Sankt-Peterburgyň Jemgyýetçilik palatasynyň, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara assambleýasynyň Sekretariatynyň agzalary gatnaşdylar.
«Sankt-Peterburgyň Hökümeti GDA ýurtlary bilen hyzmatdaşlgy ösdürmäge uly üns berýär, Türkmenistan bu hatarda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Gatnaşyklarda we yzygiderli özara hereketde biziň diňe bir dostlukly gatnaşyklary saklap galman, eýsem ýurtlarymyzyň doganlyk halklarynyň bähbitlerine strategik hyzmatdaşlygy geljekde mundan beýlägem ilerletmäge ýardam etjek bilelikdäki geljegi uly taslamalar üçin berk binýady kemala getirýändigimize ynam bildirýärin» --diýlip Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň agzasy –Daşary gatnaşyklar baradaky komitetiň başlygy Ýewgeniý Grigorýewiň dabaraly çärä gatnaşyjylara hatynda aýdylýar.
Sankt-Peterburgyň Milletara gatnaşyklary we migrasiýa syýasatyny durmuşa geçirmek baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary Wadim Okruşko agşamyň guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Dünýä türkmenleri ynsanperwer assosiasiýasynyň Sankt-Peterburg we RF-iň Demirgazyk-günbatary boýunça bölüminiň, Sankt-Peterburgdaky «Mekan» Türkmen medeniýeti jemgyýetiniň Ata watanyň medeni däplerini ýaýmaga we russiýa-türkmen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge uly goşant goşýandygyny belledi.
Türkmen wekilýetiniň agzalaryna özboluşly we zehinli sungaty üçin Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň hem-de Russiýanyň medeniýet işgärleriniň döredijilik birleşiginiň ýadygärlik haty gowşuryldy.
Duşuşygyň hormatly myhmanlarynyň arasynda Sankt-Peterburgyň «Zenit» klubynda çykyş edýän belli futbolçy, asly türkmen Serdar Azmun hem bardy. Serdara dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby hem-de Dünýä türkmenleri ynsanperwer assosiasiýasynyň Sankt-Peterburg we RF-iň Demirgazyk-günbatary boýunça bölüminiň, Sankt-Peterburgdaky «Mekan» Türkmen medeniýeti jemgyýetiniň hormatly agzasynyň haty gowşuryldy.
Çärä daşary ýurtly diplomatlar – Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Siriýanyň, Pakistanyň baş konsullary, şeýle hem milli-medeni birleşikleriň hem-de awtonomiýalaryň ýolbaşçylary, Russiýanyň sebitlerinden myhmanlar, ýaşlar we talyplar gatnaşdylar. Tanyşdyrylyşa gatnaşan myhmanlaryň ählisine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby sowgat berildi.
Duşuşyk datly türkmen tagamlarynyň hödüri we konsert bilen jemlendi.