Şu günler «Biz Türkmenistana barýarys!» diýen jümle futzal ýygyndylarynyň arasynda ýörgünli boldy. Çünki olar üçin Türkmenistana gitmek, 2020-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanandyklaryny aňladýar. Täjigistanyň futbol federasiýasynyň resmi saýtynda bu jümlä aýratyn ähmiýet beripdirler. Çünki olar yklymyň futzal boýunça öňdebaryjylarynyň hatarynda tanalýan Özbegistan we Owganystan bilen bir saýlama toparda çykyş edip, Türkmenistana gelmäge hukuk gazandylar.
Saýlama tapgyryň oýunlary ahyrlap barýar. Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan ýaryşyň guramaçysy hökmünde saýlama ýaryşyň netijesine garamazdan, Aziýa çempionatyna gatnaşmaga mümkinçilik aldy.
Kuweýt, Bahreýn, Liwan, Saud Arabystany, Oman, Hytaý we Ýaponiýa öz sebitlerindäki saýlama ýaryşyň jemi boýunça Aziýa çempionatynyň final böleginde çykyş etmäge ýollanma aldylar.
Merkezi Aziýa sebitindäki saýlama bäsleşikleriň jemi boýunça Özbegistan, Täjigistan, Eýran we Gyrgyz Respublikasy 2020-nji ýylyň fewralynda Aşgabada gelip, Aziýa çempionatyna gatnaşmaga mynasypdyklaryny subut etdiler.
www.msy.gov.tm