Russiýa Federasiýasynyň Ulan-Ude şäherinde boks boýunça zenanlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionaty tamamlandy. Şol çempionata Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy, halkara derejeli emin Işanguly Meretnyýazow emin hökmünde gatnaşdy. Ol çempionatyň netijeleri barada Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtyna interwýu berdi.
- Zenanlaryň boks çempionatyna ilkinji gezek emin bolup gatnaşdysyňyzmy?
- Ýok, öň hem zenanlaryň arasynda geçirilen halkara ýaryşlaryň 3-sine emin bolupdym.
- Zenanlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda näçe tutluşyga emin bolup gatnaşdyňyz?
- Çempionatda 10 gezek ortadaky emin boldum. 20-den gowrak tutluşyga bolsa gapdal emin hökmünde gatnaşdym.
- Şol dünýä çempionatyna watandaşlarymyzdan başga-da emin bolup gatnaşan barmy?
- Halkara boks federasiýasynyň düzgünlerine laýyklykda her döwletden diňe bir emine dünýä çempionatyna gatnaşmaga rugsat berilýär. Şeýlelikde, şu çempionatda Türkmenistana wekilçilik etmek meniň paýyma düşdi.
- Ýaryşa jemi näçe eminiň gatnaşanlygyny aýdaýsaňyz?
- Çempionata jemi 33 emin gatnaşyp, olaryň diňe 10-syna final duşuşyklaryna emin bolmak ynanyldy. Maňa hem saýlama 10 eminiň hataryna düşmek miýesser etdirdi.
- Emin bolup gatnaşan ýaryşyňyzyň ýeňijileri hakynda-da durup geçäýseňiz.
- Ýaryşyň iň gowy boksçysy diýen ada braziliýaly Beatriz Ýasmin Ferreýru mynasyp boldy. Çempionatyň jemi boýunça toparlaýyn birinji orny Russiýa Federasiýasynyň ýygyndysy (3 altyn, 1 kümüş, 2 bürünç medal) eýelemegi başardy.
- Mümkin bolsa geljekde haýsy ýaryşlara eminlik etjekdigiňiz hakynda durup geçäýseňiz?
- Öňünden anyk maglumat berip bolmaýar. Sebäbi ýaryş başlamagyna 1 aý, kämahal 10-15 gün galanda hem çakylyk iberilýän wagtlary bolýar. Şonuň üçin bu sowala doly jogap berip bolanok.
- Tokioda geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň eminleri hem entek belli däl – diýip boljakda?
- Tokioda geçiriljek XXXII tomusky olimpiýa oýunlarynyň eminleriniň maý aýynda belli bolmagyna garaşylýar.
- Beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň!
Söhbetdeş bolan Gunça GURBÄNMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.