Soňky habarlar

Çempion bolmak bagty

Makalamyň başyny birnäçe ýyl ýyl mundan ozal bolup geçen wakalar bilen başlamak isleýärin. Ilkinji sapar küşt mekdebiniň bosagasyndan ätlänimde küşt oýnabilmeg-ä beýlede dursun, göçümleri-de bilmeýärdim. Emma bir hepdäniň içinde göçümler-ä bir öwrenip bildim, üstesine-de özüm ýaly täzeräk gelen garşydaşlarymyň hem ikisini dagy ýeňmegi başardym. 

Her gün özümi kämlleşdirmek üçin täze tilsimleri öwrenýärdim, täze-täze garşydaşlar bilen oýna girip görýärdim. Indi men mekdebimiziň birinjiliginde ýeňiji bolmak isleýärdim. Şeýle-de boldy. Şondan soň mekdepde menden öňe geçip bilen bolmady. Bu ýagdaý meniň üçin bolaýmaly zat ýaly bolup gitdi. 

Şondan soň meniň şäherde birinji bolasym gelip başlady. Şäher tapgyrynda ýeňiji bolanymdan soň, küşt oýnamak boýunça Türkmenistanyň çempiony bolmagy arzuw edip başladym. Göwnüme bolmasa, eger-de men Türkmenistanyň çempiony bolaýsam dünýädäki iň bagtly adam boljak ýalydym. Şol duýgyny hem başdan geçirmek miýesser etdirdi. Indi meniň halkara ýaryşlarda güýjümi synasym gelip başlady.

«Isleglere gutarma ýok» diýip dogry aýdýarlar. Adam elmydama özüni bagtly duýmak isleýär. Elmydama bagtyň gözleginde bolýar. Göräýmäge, eger-de isleýän derejämize eýe bolsak, isleýän telefonymyzy alynsak, isleýän maşynymyza münsek, isleýän adamymyz bilen durmuş gursak dünýäniň ähli düwni çözülip, galan ömrümizi bagtly geçiräýjek ýalydyrys. Ýöne bu hemmeleriň yzygiderli gaýtalaýan ýalňyşlygy. 

Geliň, ilki bilen bagtyň nämedigini öwreneliň! «Bagt näme?» diýlen sowala her kim özüçe jogap berjek bolýar, ýa-da has dogrusy her kim özünde ýetmezçilik edýän zadyny bagty hasaplaýar. Mysal üçin, jübisi ýukarak adam üçin bagt köpräk girdeji  bolsa, söwer ýaryndan aýra düşen aşyk ýigit üçin iň uly bagt onuň magşugy bolup biler. 

Ýene bir mysal, ýöremegi arzuw edýän maýyp görgüli üçin bagt iki aýagyňda islän ýeriňe gidip bilmek bolsa, gözi kör adam üçin ýagty jahany görübilmek bagtyň çür depesi ýaly bolup görünýär. Emma bir gudrat bilen maýyp ýöremegi öwrense, körüňem gözi açylsa olar birbada özlerini hakykatdan-da bagtyň aňrybaşysyna ýeten adam hasaplasalaram, wagtyň geçmegi bilen bu duýgy kütelýär. Adam özüniň ýöräp bilýänini, görüp bilýänini bolaýmaly zat ýaly kabul edip başlaýar. Edil şol pursat hem oňa bagtly bolmak üçin täze arzuw gerek bolýar. 

Biziň özümizi bagtly duýmagymyz nämä baglyka? Adamy bagtly edip bilýän dört sany gormon bar: dofamin (mysal üçin, marafon ýaryşynyň ylgawçysy pellehananyň lentasyny görende bölünip çykýar), oksitasin (adamlaryň biri-birine ýakynlaşmagyna we öwrenişmegine getirýän gormon), endorfin (mysal üçin, käbir türgenler alan şikeslerine garamazdan ýaryşmaklaryny dowam etdirýärler. Bu ýagdaýda endorfin tebigy agyrysyzlandyrjy serişde ýalydyr), serotonin (adam özünüň sylanýan, hormatlanýan adamdygyny duýan wagty bölünip çykýar). 

Haçanda adam arzuwyna ýetende ýa-da isleýän zadyna eýe bolanda organizmde ýaňky gormonlaryň biri bölünip çykýar.  Wagtyň geçmegi bilen bagt gormonlarynyň bölünip çykmasy azalýar we adam ýeten arzuwyna öwrenişýär. Emma adamlar elmydama bagtyň gözleginde bolýarlar. Şol ozalky eýforiýany duýmak üçin biz öňkümizden has ulurak zady arzuw edýäris we bu ýagdaý üznüksiz gaýtalanyp durýar. 

Şu ýagdaýda bir paradoks bar – adamlar bütin ömrüni öz bagtyna garaşyp geçirýärler. Olar ertirinň şu gününden has gowy boljakdygyna ynanýarlar we ömürlerini bagtyna garaşyp geçirýärler. Bu bütin adamzadyň dowamly gaýtalaýan endigidir. Biz diňe hemme zadyň gowy boljak gününe garaşýarys, emma edil şu pursat daş-töweregimizdäki ajaýyp zatlary duşumyzdan geçirýäris. 

Biz bagty nädogry ýerden agtarýarys. Biziň gözleýän ýerimizde hemişelik bagt ýok. Biz bagty material zatlardan gözleýäris. Emma material zatlar bize diňe bagtyň illýuziýasyny, salgymyny görkezýär. Olar bizi diňe wagtlaýynça bagtly edip bilýärler. 

Hemişelik bagty göresiňiz gelse daş-töweregiňize seretmeli, tebigat bilen gyzyklanmaly, özüňize şatlyk getirýän hünäre eýe bolmaly, özüňize düşünýän adamlar bilen söhbetdeş bolmaly, gündelik durmuşyňyzda görünmän galýan ýönekeý, ýöne juda wajyp hem-de ýakymly pursatlary görmegi başarmaly. Mysal üçin, işe gijä galyp barýan wagtyňyz ugrajak bolup duran awtobusyň size garaşyp durmagyna, atdanlykda ýere gaçan öýjükli telefonuňyzyň ekranynyň döwülmedigine, başlygyň çaý içip otyrkaň däl-de, işläp başlanyňda aýlanyp gitmegine we şuňa meňzeş ownuk, ýöne ýakymly pursatlarda. 

Ýa-da bolmasa, şemalyň çygly howasynyň ýüzüňi sypalap, saçlaryňy oýnamagyna, sowukdan ýaňa awşap duran elleriň gyzgynjak çaýyň käsesiniň howruna ýylamagyna, ýadawlykdan ýaňa sütügiň süýnen wagty ýumşajyk düşege geçeniňde ýadawlygyň endamyňdan çykyşyny duýmak ýaly süýji duýgular hem bolup biler. 
    
Bu barada şahyr Gurbannazar Ezizow şeýle diýýär:
        
... Erbet bor bu baglar geçse deňiňden,
        Bu ýagyşlar seniň üçin ýagmasa,
        Bagy iki ýana bulanda tupan
        Zerur çygy ýüzleriňe degmese.

        Gyýkuwlaşyp geçip gitse deňiňden 
        Ördekleriň ýyllar kimin hatary,
        Seni gozgamasa beýik ýaşaýyşyň
        Çözülen hem çözülmedik mataly.

        Şoň üçinem syl ýüzüňe dünýäni,
        Özüň hakda, goňşyň hakda pikir et,
        Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň
        Senden sowlup geçmeýänine şükür et!


    
Amangözel GUWANÇMYRADOWA,
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.