Soňky habarlar

Biz hakda

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde kabul eden Kararyna laýyklykda 2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti döredildi.

Täze pudagyň döredilmeginiň maksady döwletiň bedenterbiýe we sport babatdaky syýasatyna amala aşyrmakdan, raýatlary sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaga giňden çekmekden hem-de halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň gurluşy aşakdaky bölümlerden ybarat:

  1. Ýokary netijeli sport we olimpiýa hereketini utgaşdyryş bölümi
  2. Sport mekdepleriniň işini we sport çärelerini guramak bölümi
  3. Bedenterbiýe we köpçülikleýin sport çärelerini guramak bölümi
  4. Ykdysady seljeriş we meýilleşdiriş bölümi
  5. Halkara gatnaşyklar bölümi
  6. Maliýe we buhgalter hasabaty bölümi
  7. Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölümi
  8. Iş dolandyryş we desgalara gözegçilik bölümi
  9. Işgärler we ýörite işler bölümi