21 – 25-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň (GOÝÇÝSM) guramagynda 2010 – 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi. Bäsleşige paýtagtymyz we onuň töweregindäki sport mekdepleriniň toparlary gatnaşdylar.
Final duşuşygynda «Kuwwat 1» «Altyn täç» toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy. Ýeňiji topar finala çenli «Bagyr», «Hazyna», «Herrikgala», «Dostluk» hem-de «Altyn täç 2» toparlaryndan üstün çykmagy başardy.
«Kuwwat 1» toparynyň düzümünde çykyş eden oýunçylardan Allanur Akberow (derwezeçi), Kaýum Berdiýew, Berdi Berdiýew, Didar Nurgeldiýew, şeýle-de, Orazguly Allamyradow dagy has-da tapawutlanmagy başardy.
– Ýaryşyň turuwbaşdan çekeleşikli geçendigini bellemek gerek – diýip, «Kuwwat 1» toparynyň tälimçisi Arslan Annaöwezow gürrüň berdi.
– Toparymyz bäsleşikde netijeli oýun görkezdi. Final duşuşygy has-da çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Toparymyzyň bu ýeňşi Garaşsyzlyk baýramyna özboluşly sowgat boldy. Hormatly Prezidentimizi, türkmen halkymyzy Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Baýrakly üçünji orun ugrunda «Herrikgala» bilen «Dostluk» toparlary duşuşdy. Netijede 3:0 hasabynda «Herrikgala» topary üstün çykdy.
«Türkmen sporty» gazeti (28.08.2019).