23-nji sentýabrda Aşgabadyň Köpugurly sport toplumynyň buzly meýdançasynda hokkeý boýunça ýetginjekleriň arasynda (2005-nji ýyla çenli doglanlaryň arasynda) geçirilen «Garaşsyzlygyň kubogy» ugrundaky ýaryş tamamlandy. Bu barada www.turkmenportal.com saýtynda habar berilýär.
Kubok ugrunda bir aýlawdan ybarat ýaryşda «Galkan» (Türkmenistanyň içeri işler ministrligi), «Oguzhan» («Türkmengaz» döwlet konserni), «Şir» (Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi) we «Bürgüt» (Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň sport mekdebi) bäsleşdiler.
Ýaryşyň ahyrky gününde «Şir» toparynyň ýaşajyk hokkeýçileri «Oguzhan» toparyndan bolan deň-duşlaryny 3:1 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň söwda we ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň topary «Garaşsyzlygyň kubogynyň» ilkinji eýesi boldy.
Bu täze ýaryş Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi we Türkmenistanyň hokkeý federasiýasy tarapyndan sportuň bu görnüşini mundan beýläk hem ösdürmek we ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda giňden ýaýbaňlandyrmak maksady bilen geçirilýär.