Soňky habarlar

Boks boýunça dünýä çempionatynyň ýeňijileri kesgitlenildi

Ýekaterinburgda (Russiýa) boks boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. Bu çempionatda türkmenistanly boksçylaram çykyş etdiler.

Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde guralan dünýä çempionatynda Türkmenistana boksçylaryň 5-si wekilçilik etdi.

Ildeşlerimiziň arasynda iň oňat netije Nurýagdy Nurýagdyýewe (81 kg. çenli) degişli. Ol ilkinji tutluşykda Jek Bouenden (Awstraliýa) 3:2 hasabynda üstün çykdy.

Emma 1/8 finalda 22 ýaşly britaniýaly Benjamin Uittakeri ýeňip  bilmedi.

Türkmen boksçulary dünýä çempionatyna ukrainaly meşhur tälimçi Wladimir Dworsowyň ýolbaşçylygynda taýýarlandylar.

 

BOKS BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY-2019-YŇ ÝEŇIJILERI

52 kg: Şahobidin Zoirow (Özbegistan)
57 kg: Mirazizbek Mirzahalilow (Özbegistan)
63 kg: Endi Krus (Kuba)
69 kg: Andreý Zamkowoý (Russiýa)
75 kg: Gleb Bakşi (Russiýa)
81 kg: Bekzat Nurdauletow (Gazagystan)
91 kg: Muslim Gajimagomedow (Russiýa)
+91 kg: Bahodir Žalolow (Özbegistan).