Güýzki at çapyşyk möwsüminiň ilkinji güni ýetginjek çapyksuwarlaryň bäsleşigi bilen başlandy. Şol gün jemi 10 çapyşyk geçirilip, olaryň her birine atlaryň 12-si gatnaşdyryldy. At çapyşyklarynyň 8-si 1000 metr, 2-si bolsa 1200 metr aralyga geçirildi
Güýzki at çapyşyk möwsüminiň ikinji güni ussat çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda geçirildi. Aşgabat atçylyk-sport toplumynda ýaýbaňlandyrylan bäsleşiklere üçýaşar, dörtýaşar, şeýle-de, uluýaşar atlar gatnaşdyryldy. Atlar 1600, 1800, 2000, 2200, 2400 metr aralyklara bäsleşdiler.
Güýzki at çapyşyk möwsüminiň açylyşy mynasybetli welaýatlarda hem at çapyşyklary geçirildi. Balkanabat şäheriniň golaýyndaky atçylyk-sport toplumynda, Daşoguz welaýat atçylyk-sport toplumynda, Lebap atçylyk-sport toplumynda hem-de Mary atçylyk-sport toplumynda ýaýbaňlandyrylan bäsleşiklere welaýatlaryň dürli ýerlerinden getirilen bedewler gatnaşdyryldy.
Ýaryşda ýeňiş gazanan bedewlere hem-de olaryň çapyksuwarlaryna halat-serpaýlar ýapylyp, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
«Türkmen sporty» gazeti (14.09.2019).