Aýdym-saz ynsanyň öz-özi hem-de daş-töweregini gurşap alýan ynsan ähli, Watany, mähriban topragy, ýaýlalary, daglary-düzleri, deňiz-derýalary bilen ýürek açyşýan giňişlik hem-de wagt çygry. Meşhur türk pop-aýdymçysy Murat Boz sungat muşdaklaryny şu hili wagt hem-de giňişlik çygrynda öz aýdym-sazly dünýäsine dolap alyp bilýän, ýakymly mahmal owazly, şeýle hem aýdýan aýdymlaryny gözel sahna hereketleri bilen utgaşdyryp bilýän ussat aýdymçy.
9-njy oktýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda, daşary ýurtly tanymal aýdymçylaryň konsertine gatnaşjak sungat muşdaklary Murat Bozuň aýdymly dünýäsine aralaşmaga hem giň mümkinçilik alarlar.
Murat Boz 1980-nji ýylyň 7-nji martynda Türkiýäniň Zonguldak welaýatynyň Karadeniz Eregli şaherinde dünýä inýär. Stambula göçüp gelensoň, ol ýokary sungat mekdebinde we Stambul döwlet konserwatoriýasynda bilim alýar. 2000-nji ýyldan başlap, köpsanly türk aýdymçylarynyň, şol sanda meşhur aýdymçy Tarkanyň bek-wokalçysy bolup çykyş edýär. 2007-nji ýylda ýazgy eden «Maksimum» atly ilkinji albomy aýdymça görlüp-eşidilmedik derejede meşhurlyk hem-de belent derejeli sylaglary, baýraklary bagyş edýär. Ol şu günki gün ýurduň «O ses Türkiýe» atly teleşowhunynyň çalşylmaýan emin agzasydyr. Kinofilmlerde baş keşpleriň birnäçesini şowly ýerine ýetirdi.
Murat Bozuň aýdym-saz eserleriniň arasynda «Maksimum», «Uçurum», «Özledim», «Geri dönüş olsa», «Janti» ýaly aýdymlary baş aýdymlar hökmünde muşdaklary tarapyndan söýlüp diňlenilýär.
9-njy oktýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda konsert bilen çykyş etmegi Murat Bozuň özi üçin hem, onuň sungatynyň muşdaklary üçin hem ýatda galyjy pursatlar bolar diýip ynam bilen aýtmak bolar. Çünki türkmen diňleýjileri Murat Bozuň aýdymlaryna we onuň sahnada sungat derejesinde ýerine ýetirýän hereketlerine hemişe teşnelik bilen garaşýarlar. Şonuň ýaly-da, bu ýere gelen aýdym-saz muşdaklary, ussadyň gulaklarda hem-de ýüreklerde hemişelik ýaňlanyp duran aýdymlary bilen birlikde täze aýdymlaryna hem köňül goýup bilerler.
Ogulnur EÝEBERENOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport
institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.