Häzirki zaman aýdym-saz dünýäsinde özboluşly owazy, ýerine ýetirijilik ussatlygy we döwrebap çykyşlary bilen diňleýjileriň söýgüsini gazanan sahna ýyldyzlarynyň biri hem rus estrada aýdymçysy Nýuşa Şuroçkinadyr. Sungat muşdaklarynyň arasynda ýönekeý Nýuşa diýlip tanalýan bu estrada ýyldyzynyň mahmal owazy, aýdymlarynda ýüze çykýan döwrebap äheňler we sahnadaky özüne çekiji owadan hereketleri diňleýjileri we tomaşaçylary hemişelik özüne çekýär.
9-njy oktýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda geçirilýän daşary ýurtlaryň tanymal aýdymçylarynyň konsertinde ildeşlerimize bu söýgüli aýdymçylary bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak we onuň ýakymly owazyndan ruhy gözellik lezzetini almak mümkinçiligi dörär.
Nýusanyň aýdym-saz döredijiliginde ýaşlaryň isleglerine laýyk gelýän döwrebap sazlaşyklar, täsirli ýerine ýetiriş we sahna hereketleri aýratyn orun eýeleýär. Aýdymçy her bir çykyşynda özboluşly äheňini beýan etmäge, aýdym bilen tomaşaçynyň arasynda ýakyn baglanyşyk döretmäge çalyşýar. Şonuň üçin bu sahna çykyşlary aýdym diňlemek bilen bir wagtda häzirki zaman estrada sungatynyň dürli öwüşginlerini duýmaga mümkinçilik berýär.
Giň diňleýjiler köpçüliginiň söýgüsini gazanan eserler aýdymçynyň döredijilik mümkinçilikleriniň giňdigini görkezýär. Ýumşak owazly aýdymlardan başlap, joşgunly estrada eserlerine çenli dürli häsiýetli çykyşlary Nýuşanyň ýerine ýetirijilik ussatlygynyň dürli taraplaryny açyp görkezýär.
9-njy oktýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçiriljek konsert paýtagtymyzyň medeni durmuşynda ýakymly wakalaryň biri bolar. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda geçirilýän bu aýdym-saz baýramçylygy daşary ýurtlaryň tanymal sungat wekilleriniň döredijiligi bilen tanyşmaga, häzirki zaman estrada sungatynyň täze öwüşginlerini duýmaga giň mümkinçilik döreder.
Nýusanyň özboluşly sesi we döwrebap sahna ussatlygy bu konsertiň aýratyn garaşylýan çykyşlarynyň biri bolar. Aşgabatda ýaňlanjak aýdymlar paýtagtymyzyň tomaşaçylaryna ýatdan çykmajak aýdym-saz şatlygyny bagyşlar.
Humaý ROZYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby.