Türkmenistanyň ýygyndysy Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde 19–20-nji sentýabrda geçirilen sambo boýunça Dünýä kubogynda dört medal gazandy.
Ýaryşlar erkekleriň we zenanlaryň arasynda üç ugur — sport sambosy, söweş sambosy hem-de görüş ukyby bozulan türgenleriň arasyndaky sambo boýunça geçirildi. Duşenbe şäherinde Sambo boýunça Dünýä kubogynyň bassyr ikinji gezek geçirilýändigini aýtmalydyrys.
Ýaryşyň ilkinji gününde türkmen türgenlerinden Sapar Döwletow tapawutlandy. Ol sport sambosy boýunça 71 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy.
Ýaryşyň ikinji gününde türkmen samboçylary Türkmenistanyň ýygyndysynyň medallar gaznasyna ýene üç medal goşdular. Söweş sambosy boýunça Abdylla Nazargeldiýew (88 kilograma çenli) we Mälikberdi Begiýew (98 kilograma çenli) bürünç medallara mynasyp boldular. Sport sambosy boýunça zenanlaryň arasynda 50 kilograma çenli agram derejesinde ýeňiş gazanan Ykbal Saparowa bolsa altyn medalyň eýesi boldy.
Şeýlelikde, ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Dünýä kubogyny bir altyn we üç bürünç medal bilen tamamlady.