Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Bişkekde Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlary açyldy

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde Ýewraziýa halklarynyň sportuny, medeniýetini we däp-dessurlaryny birleşdirýän iri halkara forum bolan Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu Oýunlara Türkmenistanyň wekiliýetiniň hem gatnaşýandygyny aýtmalydyrys.

Oýunlaryň açylyş dabarasy 31-nji awgustda täze gurlan «Bişkek Arena» stadionynda geçirildi. Oňa gatnaşýan döwletleriň türgenleriniň wekiliýetleri dabaraly ýörişe gatnaşdylar. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, şu ýylky Oýunlara dünýäniň 104 ýurdundan 3 müňden gowrak türgen gatnaşýar. Bişkekdäki açylyş dabarasyndan soň esasy sport we medeni çäreler Yssyk-Köl welaýatynda dowam eder.

Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlarynyň maksatnamasyna 40-dan gowrak milli sport görnüşleri we däbe öwrülen oýunlar girizildi. Olaryň hatarynda atçylyk ýaryşlary, milli göreş görnüşleri, ýaýdan ok atmak, intellektual oýunlar hem-de çarwadarlaryň taryhy mirasyny şöhlelendirýän beýleki sport görnüşleri bar.

Oýunlaryň maksatnamasynda türkmen milli göreşine aýratyn orun berilýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, bu türkmen göreşiniň Oýunlaryň maksatnamasyna girizilmegi onuň milli sport görnüşleriniň arasynda mynasyp orna eýediginiň aýdyň subutnamasydyr we Türkmenistanyň baý göreş däplerini dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir.

www.sportcom.gov.tm