Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

 Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmenistanly pälwan Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Slowakiýanyň paýtagtynda geçirilýän 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.

86 kg agram derejesinde üçünji orun ugrundaky duşuşykda türkmenistanly türgen türkiýeli pälwany Sefa Jesurdan 9:2 hasabynda üstün çykdy.

Ýarym finalda Begenjow rus pälwany Ahmad Mukutowdan 4:8 hasabynda ýeňlipdi. Ýaryşyň finalynda Mukutow bilen ABŞ-nyň wekili Aeoden Jeýms Sinkler duşuşar. ABŞ-ly türgen ýarym finalda ýaponiýaly Naçuru Okazawany 7:6 hasabynda ýeňipdi. Bürünç medal ugrundaky ikinji duşuşykda bolsa Okazawa gazagystanly pälwan Askhab Hajiýew bilen güýç synanyşar.

 

www.sportcom.gov.tm