Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlary

2026-njy ýylyň 2-nji fewralynda Aziýa Olimpiýa Geňeşi (AOG) 2029-njy ýylda Saud Arabystanynyň NEOM şäherindäki Troena lyža kurortynda geçirilmegi meýilleşdirilen X Aziýa gyşky oýunlarynyň näbelli möhlete yza süýşürilendigini, soňra bolsa oýunlary kabul etmek hukugynyň Gazagystanyň Almaty şäherine berilendigini mälim etdi. Almaty ozal 2011-nji ýylda Astana bilen bilelikde gyşky Aziýa oýunlaryny kabul edipdi we 2017-nji ýylda Bütindünýä gyşky Uniwersiadasyny üstünlikli gurapdy. Şäheriň iri toplumlaýyn gyşky çäreleri guramakda baý tejribesi bardyr.

2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlarynyň eýýäm bar bolan sport infrastrukturasynyň binýadynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu bolsa ýaryşlary guramak üçin täze iri sport desgalaryny gurmagyň zerur bolmajakdygyny aňladýar. Bar bolan sport toplumlary gyşky Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän ähli sport görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle çemeleşme taýýarlyk işlerini has netijeli we ykdysady taýdan maksadalaýyk guramaga şert döredýär.

2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda Italiýanyň Milan şäherinde Aziýa Olimpiýa Geňeşi bilen Gazagystanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen şertnama gol çekişdiler