Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

2028-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlary

XXXIV tomusky Olimpiýa oýunlaryny 2028-nji ýylyň tomsunda Los-Anjeles şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Pariž we Los-Anjeles 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin resmi dalaşgär bolan şäherlerdi. 2017-nji ýylyň 31-nji iýulynda Los-Anjeles şäheriniň häkimiýeti bilen Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) ýolbaşçylary Los-Anjelesiň 2024-nji ýyldaky oýunlary geçirmek baradaky arzasyny yzyna aldyryp, bu şäherde 2028-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryny geçirmek barada ylalaşyga geldiler.

2028-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň paýtagty 2017-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Limada geçirilen HOK-nyň 130-njy sessiýasynda r esmi taýdan yglan edildi.  Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek nobatdaky ýaryşlaryň geçiriljek şäheri oýunlaryň başlanmagyna 11 ýyl galanda saýlanyldy.

 ABŞ-nyň Los-Anjeles şäheri tomusky Olimpiýa oýunlaryny iki gezek — 1932-nji we 1984-nji ýyllarda kabul edipdir. ABŞ soňky gezek tomusky Olimpiýa oýunlaryny 1996-njy ýylda Atlantada geçirdi.

2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynda awtoulaglaryň ulanylmagyna çäklendirme giriziler. Şäheriň häkimiýeti Olimpiýa oýunlaryny taryhdaky ekologiýa taýdan iň arassa oýunlara öwürmegi wada berdi.

Jemi 353 medal toplumy ugrunda bäsleşikler geçiriler. Bu görkeziji 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlary bilen deňeşdirilende 24 toplum köpdür.