Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

2026-njy ýylyň tomusky Aziýa oýunlary

2026-njy ýylyň tomusky Aziýa oýunlary 2026-njy ýylyň sentýabr–oktýabr aýlarynda Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde we Aýti prefekturasynda geçiriljek köpugurly sport ýaryşydyr. 2026-njy ýylda Aýti we Nagoýada geçiriljek Oýunlar Ýaponiýanyň taryhynda 3-nji tomusky Aziýa oýunlary bolar. Mundan ozal Aziýa oýunlary 1958-nji ýylda Tokioda we 1994-nji ýylda Hiroşimada geçirilipdi.

Aziýa Olimpiýa Geňeşi (AOG) 2016-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen Baş Assambleýasynda Nagoýa şäherini 2026-njy ýyldaky Oýunlaryň geçiriljek ýeri hökmünde saýlap alydy. Ilkibaşda AOG 2026-njy ýyldaky Oýunlary kabul etjek şäheri 2018-nji ýylda saýlamagy meýilleşdirýärdi. Emma 2018–2022-nji ýyllar aralygynda Phýongçanda, Tokioda we Pekinde geçirilen Olimpiýa oýunlary sebäpli sebitiň sport senenamasyna täze ýaryş goşman, bu senäni has irki döwre geçirmek kararyna gelindi.

2026-njy ýylda  Aziýa oýunlarynda ýaryşlar 41 sport görnüşi boýunça geçiriler. Olar 68 dersi we 460 ýaryş görnüşini öz içine alar. Ýaryşlar jemi 53 sport desgasynda geçiriler.