Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen türgenleri Aziýa çempionatynda medallara mynasyp boldular

Türkmen agyr atletikaçysy Şabnam Kerimbaýewa agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda 53 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medal gazandy. Türgen iki maşkyň jemi boýunça 186 kilogram netije görkezdi. Mundan başga-da, Kerimbaýewa uly ýaş kategoriýasynda — 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda hem çykyş edip, şol 186 kilogramlyk netije bilen üçünji orny eýeledi.

Türkmen agyr atletikaçysy Atabek Azamatow bolsa oglanlaryň arasynda 60 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medal gazandy. Türgen siltip götermekde 113 kilograma hötde gelip, ikinji orny eýeledi we kiçi kümüş medala mynasyp boldy. Itip götermekde onuň görkezen netijesi 132 kilogram bolup, bu netije oňa degişli maşkda bäşinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi.

Şabnam Kerimbaýewa aýry maşklarda siltip götermekde 83 kilogram, itip götermekde bolsa 103 kilogram netije görkezdi. Bu netijeler oňa Youth kategoriýasynda siltip götermekde kiçi kümüş,itip götermekde bolsa kiçi altyn medal getirdi. Junior kategoriýasynda bolsa türgen iki maşk boýunça-da kiçi kümüş medallara mynasyp boldy.

Oglanlaryň we ýetginjekleriň arasynda guralan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty Daşkentde dowam edýär. Oňa sebitiň 29 ýurdundan 300-den gowrak türgen gatnaşýar. Ýaryşlar 14-nji awgusta çenli dowam eder.

Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) düzgünlerine laýyklykda, türgenlere bir wagtyň özünde iki ýaş kategoriýasynda — Youth (17 ýaşa çenli) we Junior (20 ýaşa çenli) derejelerinde çykyş etmäge rugsat berilýär.