Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

We­lo­si­ped­çi­le­riň hal­ka­ra okuw-tür­gen­le­şi­gi

Paý­tag­ty­myz­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Abu-Da­bi we­los­port klu­bu­nyň we­kil­le­ri bi­len Türk­me­nis­ta­nyň milli ýy­gyn­dy­sy­nyň bi­le­lik­dä­ki okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. 20-nji aw­gus­ta çen­li do­wam et­jek çä­re iki ýur­duň we­lo­si­ped­çi­le­ri­niň di­ňe bir fi­zi­ki taý­ýar­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len çäk­len­män, tä­lim­çi­le­riň tej­ri­be alyş­ma­gy­na, tä­ze tür­gen­le­şik usul­la­ry­ny öz­leş­dir­me­gi­ne, şeý­le hem uzak möh­let­li sport hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.

Abu-Da­bi­den ge­len we­ki­li­ýe­tiň dü­zü­min­de klu­buň do­lan­dy­ry­jy­sy, iki tä­lim­çi, ti­gir us­sa­sy hem-de 24 tür­gen bar. Myh­man­lar «Tür­gen­ler» myh­man­ha­na­syn­da ýer­leş­di­ler. Olar tür­gen­le­şik­le­ri­ni paý­tag­ty­my­zyň Ata­türk, Kö­pet­dag kö­çe­le­ri­niň, Ar­ça­bil şa­ýo­lu­nyň, Gök­de­re jül­ge­si­niň ýol­la­ry­nyň ugur­la­ryn­da hem-de Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­dä­ki We­lot­rek sport top­lu­myn­da ge­çi­rer­ler. Milli ýy­gyn­dy­my­za we­kil­çi­lik ed­ýän 15 tür­gen bol­sa baş tä­lim­çi Ka­ka­baý Ata­ýe­wiň we onuň kö­mek­çi­si Igor Ýol­da­şe­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da tür­gen­le­şik­le­re go­şul­dy.

We­lo­si­ped­çi­ler Aş­ga­ba­tda je­mi 1270 ki­lo­met­re go­laý ýo­ly ge­çer­ler. Şeýle-de, 6 tür­gen­le­şik we 3 okuw-usu­ly mas­la­ha­t gu­ra­lar. Şeýle ýyg­na­ny­şyklar 2023 — 2025-nji ýyl­lar­da-da ge­çi­ri­lip­di. Türk­men tür­gen­le­ri şol ýyl­lar­da Abu-Da­bi­dä­ki hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp­dy­lar.

Paý­tag­ty­myz­da­ky okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, milli ýy­gyn­dy­my­zyň we­los­port bo­ýun­ça 28 — 30-njy aw­gust­da Tai­land­da Azi­ýa ku­bo­gy­na, şeý­le-de 29-njy sent­ýabr — 2-nji okt­ýabr ara­ly­gyn­da Ýa­po­ni­ýa­da Azi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.