Türkmenistanyň futbol boýunça Naýbaşy kubogy ugrunda «Arkadag» bilen «Ahal» toparlary duşuşdy. Bu oýun 2026-njy ýylyň 2-nji awgustynda Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirildi. «Arkadag» topary Türkmenistanyň çempiony we Türkmenistanyň kubogynyň eýesi hökmünde Naýbaşy Kuboga gatnaşmaga hukuk gazandy. «Ahal» bolsa Türkmenistanyň kubogynyň finalçysy hökmünde Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyga gatnaşdy.
«Arkadag» we «Ahal» futbol toparlary bassyr 3-nji gezek Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk güýç synanyşdylar. Geçen ýylky oýunlarda bolşy ýaly, bu gezek hem «Arkadag» topary ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy (3:0).
Türkmenistanyň futbol boýunça Naýbaşy kubogy ugrundaky ýaryş 2005-nji ýyldan bäri geçirilýär. Bu ýaryşda «Altyn asyr» 8 gezek ýeňiji bolupdyr. «Ahal» topary bolsa 4 gezek Naýbaşy kuboga eýelik edipdir.