Şwesiýanyň Gýoteborg şäherinde geçirilen abraýly halkara «Gothia Cup» ýaryşynda 7x7 görnüşindäki futbol boýunça Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň gazanan ýeňşi ýurdumyzyň sport ulgamyndaky nobatdaky uly üstünligine öwrüldi.
17 ýurtdan saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan türgenleriň gatnaşan bu iri ýaryşy sport ussatlygynyň dabarasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Ýörite olimpiada milli merkeziniň (TÝOMM) howandarlygynda döredilen milli ýygyndymyz Ýewropa meýdançasynda ýokary taýýarlygyny görkezip, «Gothia Cup» kubogynyň eýesi boldy. Estoniýanyň ýygyndysy bilen geçirilen final oýnunda duşuşan türkmen futbolçylary 4:3 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy.
Ýakub JEPBAROW,
Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň esasy hünärmeni.