Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen türgenleri Duşenbede geçirilen kuraş boýunça Aziýa çempionatynda alty medal gazandy

13–14-nji iýunda Duşenbe şäherinde kuraş boýunça Aziýa çempionaty geçirildi. Oňa Aziýa yklymynyň ýurtlaryndan iň güýçli türgenler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşda üstünlikli çykyş etdi. Erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň wekillerinden düzülen topara Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Dörtguly Tejenow we Şirin Kubaýewa ýolbaşçylyk etdiler.

Ýaryşyň jemleri boýunça türkmen türgenleri iki kümüş we dört bürünç medal gazanyp, ýokary taýýarlyk derejesini nobatdaky gezek tassyk etdiler hem-de halkara sport giňişliginde ýurdumyza mynasyp wekilçilik etdiler.

 ww.turkmenportal.com