Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy

Paýtagtymyzda badalga alan tennis boýunça Türkmenistanyň çempionatyna Aşgabat şäherinden, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan 125 türgen gatnaşýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

13 ýaşdan uly 70 oglan we 54 gyzyň gatnaşmagynda geçirilýän ýaryşlar «Aşgabat» köpugurly stadionynyň tennis meýdançalarynda dowam edýär.

Baş emin hökmünde milli derejeli 44 ýaşly emin Igor Zubkowyň ýolbaşçylyk edýän çempionatynda ýeňijiler ýekeleýin we jübütleýin görnüşlerde kesgitlener.

Türkmenistanyň çempionaty milli ýygyndynyň düzümini kesgitlemekde esasy ähmiýete eýe bolan baş milli ýaryşy hasaplanylýar.

Ýaryşlar 17-nji maýda tamamlanar.