Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Tebigata birnäçe minut çykmak beýniniň işjeňligine täsir edýär

Tebigatda hatda gysga wagtlap bolmak hem beýniniň işine ep-esli täsir edip bilýär. Şeýle netijä 100-den gowrak ylmy barlagy seljeren halkara alymlar topary geldi. Gözden geçirişiň netijeleri «Neuroscience & Biobehavioral Reviews» žurnalynda çap edildi.

Barlagçylar dürli ylmy ugurlardan maglumatlary öwrenip, tebigat bilen aragatnaşyk wagtynda beýniniň işindäki üýtgeşmeleriň yzygiderliligini beýan etdiler. Olar bu yzygiderliligi «kaskad kanunalaýyklygy» diýip atlandyrdylar.

Alymlaryň bellemegine görä, beýni üçin tebigy gurşawa mahsus wizual gurluşlary gaýtadan işlemek has ýeňildir. Şeýle görnüşler, şäher gurşawynyň ýa-da internet-kontentiniň çylşyrymly we çalt üýtgeýän täsirlerine garanyňda, az güýç talap edýär.

Sensor (duýgy) ýüküniň peselmegi bilen stres üçin jogapkär ulgamlaryň işi kadalaşýar. Bedenimiz «ur ýa-da gaç» ýagdaýyndan çykýar: ýürek urşy haýallaýar, dem alyş çuňlaşýar, howp duýuş bilen baglanyşykly beýni bölekleriniň işjeňligi peselýär.

Şeýle ýagdaýda üns dartgynly mesele çözmek ýagdaýyndan kem-kemden dikeldiji ýagdaýa geçýär. Şeýle-de, öz-özüňi aşa gözegçilikde saklamak bilen bagly beýni torlarynyň işjeňligi azalýar.

Tebigat bilen dürli görnüşde aragatnaşyk edilende — seýilgählerde gezelenç etmekde, suw howdanlarynyň ýanynda, tokaýlarda ýa-da şarlawuklaryň golaýynda bolnanda oňyn täsir ýüze çykýar. Alymlaryň maglumatlaryna görä, şeýle täsir bary-ýogy üç minutlyk aragatnaşykdan soň hem duýlup bilner, uzak wagtlap galynsa täsir has-da güýçlenýär.

 Meňli KULYÝEWA,

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.