Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň talimçi mugallymy Selim Myratdurdyýew, şeýle-de Balkan welaýatynyň Balakanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Medine Gaýlyýewa 10 — 17-nji mart aralygynda Polşa Respublikasynyň Krakow şäherinde adaty karate boýunça geçirilen “Krakow kubogy” atly halkara ýaryşyna gatnaşyp, bürünç medala eýe boldular.
Dünýäniň 14 döwletinden 880 töweregi türgeniň gatnaşmagynda geçirilen Kubok ýaryşy türkmen türgenlerimiz üçin geljekki dünýä ýaryşlaryna mynasyp badalga boldy.