Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we «Arkadag» futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy

2026-njy ýylyň 1-6-njy marty aralygynda, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde «Arkadag» futbol klubunyň janköýerler toparynyň agzalary Türkiýäniň iň beýik nokady bolan Agry dagyna çykdylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Bu başlangyç, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» şygar bilen yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli guraldy.

Alpinist ýörüşine tejribeli alpinist we toparyň ýolbaşçysy Agajan Öwlýagulyýew ýolbaşçylyk etdi. Alty günüň dowamynda gatnaşyjylar çylşyrymly ugurlary we beýik daglaryň agyr howa şertlerini ýeňip geçip, ýokary taýýarlyk derejesini, agzybirligi we maksada okgunlylygyny görkezdiler.

Agry dagynyň depesine, 5137 metr beýiklige ýetilenden soň, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, «Arkadag» futbol klubunyň nyşany hem-de 2026-njy ýylyň nyşany dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu sport çäresi milli gymmatlyklara, sport üstünliklerine hormatyň nyşany bolup, halklaryň arasynda parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany boldy.