Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde geçirilen halkara ýaryşda dürli derejeli medallara mynasyp boldular. Halkara ýaryş 2025-nji ýylyň agyr atletika boýunça 10-njy Katar halkara kubogyny, ýetginjekleriň, ýaşlaryň we ulularyň arasynda geçirilýän Arap çempionatyny, şeýle-de Günbatar Aziýa çempionatyny özünde jemleýär. Bäsleşige 28 ýurtdan 240-a golaý türgen gatnaşdy. Ildeşlerimiz ýaryşda 7 altyn, 7 kümüş, 7 bürünç medal gazandylar.
Şeýlelikde, Ogulşat Amanowa 53 kg agramda çykyş edip, silterläp götermekde (77 kg), itekläp götermekde (93 kg) we umumylykda (170 kg) üç bürünç medal gazandy. 71 kilogram agram derejesinde Bunýat Raşidow silterläp götermekde (145 kg) we iki görnüşiň jemi boýunça (314 kg) iki altyn medal, itekläp götermekde (169 kg) bolsa kümüş medal bilen sylaglandy. 58 kilogram agram derejesinde bäsleşen Zybagül Söýmüşowa silterläp götermekde (78 kg) bürünç medal gazandy. 79 kilogram agram derejesinde güýjüni synan Gaýgysyz Töraýew itekläp götermekde (190 kg) kümüş, iki görnüşiň jemi boýunça (330 kg) bürünç medal bilen toparyň üstünligine goşant goşdy.
63 kilogram agram derejesinde çykyş eden Medine Amanowa silterläp götermekde (91 kg), itekläp götermekde (111 kg) hem-de iki görnüşiň jemi boýunça (202 kg) üç kümüş medala mynasyp boldy.
94 kilogram agram derejesinde çykyş eden Rüstem Annaberdiýew silterläp götermekde (151 kg) we umumylykda (330 kg) kümüş medallary eýeledi. Resul Rejepow hem şol agramda çykyş edip, silterläp götermekde (151 kg) bürünç medala mynasyp boldy. 86 kilogram agram derejesinde Anamjan Rustamowa silterläp götermekde (105 kg), itekläp götermekde (135 kg) we umumylykda (240 kg) üç altyn medala mynasyp boldy. Dawranbek Hasanbaýew ýaryşda 110 kilograma çenli agramda çykyş edip, silterläp götermekde (180 kg) altyn, itekläp götermekde (200 kg) bürünç, umumylykda (380 kg) altyn medal gazandy.
«Türkmen sporty» gazeti