Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen tennisçileri Bahreýnde başlanan Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşynda Bruneýiň toparyndan üstün çykdy

Türkmen tennisçileri Bahreýniň Isa şäherinde geçirilýän Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyna Bruneýiň toparyny 3:0 hasabynda ýeňmek bilen başladylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Ildeşlerimiziň çykyş edýän Aziýa we Okeaniýa zolagynyň V toparynda dört toparça bölünen 14 topar, derejesini ýokarlandyrmak ugrunda göreşýär.

Türkmenistanyň ýygyndy topary Bahreýniň, Bangladeşiň we Bruneýiň toparlary bilen «C» toparça düşdi.

Beýleki toparçalaryň düzümi: «A» – Laos, Ýemen, Demirgazyk Mariana adalary; «B» – Guam, Mýanma, Mongoliýa; «D» – Birleşen Arap Emirlikleri, Makao, Maldiwler, Täjigistan.

Toparçalaryň ýeňijileri utulan-çykdy tapgyryna çykarlar, onuň iki ýeňijisi bolsa indiki ýyl Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda oýnamaga hukuk gazanar.

Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynda Ýuriý Rogusskiý, Meýlis Orazmuhamedow, Selim Çagylow, Aly Geldiýew we Allanur Daýanjow dagy çykyş edýär. Toparyň kapitany Mirali Gasanow. Tälimçisi Gurbanberdi Gurbanberdiýew. Wekiliýetiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletow.

Ilkinji duşuşykda Türkmenistanyň ýygyndy topary Bruneýiň ýygyndy topary bilen oýnamaly boldy. Bu topar Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşda iň gowy netijäni 1994-nji ýylda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparynda 9-njy orny eýelemek bilen gazanypdy. Toparlar şondan ozal, 2004-nji ýylda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda duşuşypdylar. Şonda çekeleşikli bäsleşikde bruneýli tennisçiler 2:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Bu gezek bolsa türkmen tennisçileri bu topara garşy oýunda kän bir kynçylyk çekmedi. 54 minut dowam eden ilkinji ýekelikdäki duşuşykda Selim Çagylow Gewin Ýeň Kok Limi 6:0, 6:0 hasabynda aňsatlyk bilen ýeňdi. 1 sagat 55 minut dowam eden ikinji duşuşykda bolsa Allanur Daýanjow Aýman Abdulladan üç setde-de üstün çykdy – 6:2, 6:7 (4), 6:1. Üçünji duşuşykda Meýlis Orazmuhammedow we Ýuriý Rogusskiý Gewin Ýeň Kok Limi we Ak Ahmad Dasukini PG Hajy Suleýman ikisini 38 minutda 6:0, 6:0 hasabynda ýeňdiler.

Türkmen tennisçileriniň indiki garşydaşy Bahreýniň ýygyndy toparyndan 0:3 hasabynda ýeňlen Bangladeş topary bolar.