Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň üçünji saýlama tapgyrynyň duşuşygynda Hytaý Taýpeýiniň toparyny 3:1 hasabynda ynamly ýeňdi.
«D» toparçanyň çäginde duşuşyk şeýle derejedäki oýny ikinji gezek kabul edýän Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionynda geçirildi.
Ýygyndy toparymyzyň düzüminde Rahman Myratberdiýew (13-nji minut), Elman Tagaýew (53-nji minut) hem-de Meýlis Diniýew (78-nji minut) dagy tapawutlanmagy başardylar.
Toparçanyň beýleki duşuşygynda Tailandyň ýygyndysy myhmançylykda Şri-Lankanyň ýygyndy toparyndan 4:0 hasabynda üstün çykdy.
Gazanan wajyp ýeňşinden soň Türkmenistanyň milli ýygyndysy 12 utuk toplady. Tailandyň milli ýygyndy topary hem geçiren duşuşyklarynda 12 utuk toplamagy başardy, ýöne goşmaça görkezijileriň netijesinde Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. 6 utugy bolan Şri-Lankanyň milli ýygyndysy toparçada üçünji, utuk toplap bilmedik Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndy topary bolsa dördünji orunda ornaşdylar.
Şeýlelik bilen, ilkinji gezek Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa Kubogy-2027-ä ýeke-täk ýollanmanyň ykbaly Türkmenistan bilen Tailandyň arasyndaky duşuşykda çözüler. Aýgytlaýjy oýun 2026-njy ýylyň 31-nji martynda Bangkokda geçiriler.