Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty ähli ulgamlarda giň gerime eýe bolýar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň sport ulgamynda hem häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bu ugra sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda toplumlaýyn çäreleri amala aşyrýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky 984 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna”, 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky 2136 belgili Karary bilen tassyklanan “Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” hem-de 2020-nji ýylyň 27-nji fewralyndaky 1687 belgili Karary bilen kabul edilen “Elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlaryny döretmek we işe girizmek hakyndaky” resminamalara laýyklykda alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň merkezi edara binasynda häzirki zaman kompýuter tehnikalary, ýokary tizlikli internet ulgamyna birikdirilen serwerler hem-de ýerli korporatiw torlar ornaşdyryldy. Bu bolsa döwlet edaralarynyň arasynda maglumat alyş-çalşygynyň awtomatlaşdyrylmagyny we sanly resminama dolanyşygynyň netijeli guralmagyny üpjün edýär. Şeýle-de maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen degişli hünärmen kärhanalar bilen şertnamalaryň baglaşylmagy bilen bir hatarda, komitetiň resmi web-saýty — www.sportcom.gov.tm döredilip, ol döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli täzelenýär. Elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň çäklerinde Türkmenistanyň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan tassyklanan “Awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamynyň bir bitewi tehniki talapnamasyna” laýyklykda, “NAMA” elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyryldy.
2024-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we onuň garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan işlenip taýýarlanan “2025-nji ýyl üçin sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy” tassyklanyldy. Bu meýilnama laýyklykda, ähli degişli edaralara programma üpjünçiliklerini sertifikatlaşdyrmak we işe girizmek boýunça bilelikdäki işler alnyp barylýar. “Milli olimpiýa sport köşgi” (www.moskhj.com.tm), “Gyşky oýunlar sport toplumy” (www.buzlykoshk.com.tm), “Olimpiýa suw-sport toplumy” (www.suw-toplum.gov.tm) we “Aşgabat” köpugurly stadiony (www.aks.gov.tm) ýaly sport desgalarynda onlaýn hyzmatlar işe girizildi. Şeýle-de, Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlamak mekdebinde, Olimp sport mekdep-internatynda bilim ulgamynda ulanylýan “mekdep.edu.tm” sanly ulgam ornaşdyryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji oktýabryndaky 1975 belgili Kararyna laýyklykda, möhüm maglumat infrastrukturalarynyň obýektleriniň sanawy düzülip, degişli derejelendirmeler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Komitetde degişli iş topary döredilip, ähli edara-kärhanalaryň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça zerur çäreler görüldi. “Türkmen portal” HJ bilen hyzmatdaşlykda awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlary ulgamy boýunça işler alnyp barylýar, olaryň elýeterliligi we kiberhowpsuzlygy üpjün edilýär. Ýokarda agzalan çäreler, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek baradaky tabşyryklaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan bu ugurda alnyp barylýan işler milli sport ulgamynyň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda sanlylaşdyrylmagyna, netijeliliginiň artdyrylmagyna hem-de halkara tejribe bilen sazlaşykly ösüşine gönükdirilendir.
Şamyrat IŞANOW,
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy
bölüminiň başlygynyň w.w.ýe.ýe.