Soňky habarlar

Çekeleşikli tutluşyklar

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda guşakly alyş göreş boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Guşakly göreş görnüşleri milli federasiýasy tarapyndan guralan ýaryşa Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, şeýle-de, ýurdumyzyň welaýatlaryndan pälwanlaryň 200-den gowragy gatnaşdy.

Guşakly göreşiň alyş ugrundan guralan ýaryşda agram derejeleriniň 6-sy boýunça dartgynly göreşler tutuldy. 60 kilogram agramda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Umyt Garagulow ýurdumyzyň çempiony boldy. 70 kg-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Mekan Nurberdiýew hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykmagyň hötdesinden geldi. Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi Agaýusup Garaýew 80 kg-de şeýle üstünlige ýetdi. Onuň milli göreş boýunça ýaryşda hem tapawutlanandygyny bellemek gerek. Türkmen döwlet maliýe institutynda bilim alýan Annagurban Allaberdiýew öz agramynyň taýsyz ussady boldy. 100-kilogram agram derejesinde bolsa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy Pälwan Gurbangeldiýew çempionlyk gazandy. Iň agyr agramda – 100 kg-den ýokary agram derejesinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Nurmuhammet Baýdogdyýew ýeňiji boldy.

«Türkmen sporty» gazeti