«Arkadag» toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandy. Ýokary ligadaky çempionlygynyň, Naýbaşy Kubogynyň üstüni ýurdumyzyň Kubogy bilen ýetirdi. Topar «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahaly» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
2024-nji ýyldaky Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşyň soňky duşuşygy dartgynly boldy. Onuň ykbalyny birinji ýarymyň ahyrynda geçirilen ýeke-täk pökgi kesgitledi. 45-nji minutda Begmyrat Baýow çep gyradan topy Begenç Akmämmedowa geçirdi, olam jerime meýdançasynyň daşyndan pökgüni zarply urgy bilen tora saldy.
Şeýlelikde, 2023-nji ýylyň başynda döredilen «Arkadag» topary Kubok bäsleşiginde bassyr ikinji ýyl ýeňiş gazanmagy başardy. Geçen möwsüm geçirilen final duşuşygynda hem şu toparlar duşuşypdy. Ilkinji finalda «Arkadag» topary garşydaşynyň derwezesinden jogapsyz toplaryň üçüsini geçiripdi. Bu topar häzirki wagta çenli dürli ugurdaky kuboklaryň bäşisini gazandy: Türkmenistanyň Ýokary ligasy – 2, Kubok bäsleşigi – 2, Naýbaşy Kubogy – 1.
«Türkmen sporty» gazeti