2024-nji ýylyň 19-25-nji dekabry aralygynda Katar döwletiniň Doha şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty geçirildi. Halkara ýaryşyna dünýäniň 20 ýurdundan 237 türgen gatnaşdy.
Türkmenistan Watanymyza wekilçilik eden agyr atletikaçylar Doha şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda guralan Aziýa çempionatynda dürli görnüşli medallaryň 28-sini gazandylar. Şolaryň 11-siniň altyn medallardygyny ýatladýarys. Türkmenistanly agyr atletikaçylar kümüş medallaryň 8-sini, bürünç medallaryň 9-syny gazandylar.
Katarda tamamlanan Aziýa çempionatynyň netijelerinden görnüşi ýaly, ýurdumyzyň türgenleri sportuň agyr atletika görnüşinde uly üstünlikleri gazanýarlar. Sebäbi häzirki wagtda sportuň agyr atletika görnüşiniň ösdürilmegine we zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna aýratyn üns berilýär.
www.sportcom.gov.tm