Soňky habarlar

Paýtagyň açyk birinjiligi

Bu gün eziz Diýarymyzdaky sport mekdeplerinde kämil türgenleri ýetişdirmekde maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Olarda ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin giň şert-mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek maksady bilen, paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky döwrebap sport mekdeplerinde dürli ýaryşlar yzygiderli guralýar. 7-8-nji dekabrda 2007-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly ýetginjek oglanlaryň arasynda woleýbol boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi. Bu ýaryş Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň «Gökje» sport desgasynyň sport zalynda geçirildi. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan bäsleşikde «Ýedigen-1» topary ýeňiji boldy. «Ýedigen-2» topary 2-nji, «Döwletliler» topary 3-nji orunlary eýelediler.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr sowgatlar gowşuryldy.

«Türkmen sporty» gazeti