2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenip geçilýän şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyra uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň ajaýyp şygyrlary ynsan kalbyny ruhlandyrýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara abraýyny has-da beýgeltmek, ony giňden wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Akyldar şahyrymyzyň ajaýyp setirleri diňe bir türkmen halkyny haýran galdyrman, eýsem daşary ýurtlarda hem öz dillerinde terjime edilip, höwes bilen okalýar. Şahyryň edebi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri belent adamkärçiligiň, ylahy päkligiň, ahlagyň, mertligiň, salykatlylygyň, watançylygyň, ynsabyň ölçeg daşy bolup, türkmen halkynyň arasynda ýaşap gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mertebeli menzillere barýan eziz Watanymyzyň dünýä dolan şan-şöhraty halkymyzyň her biriniň köňlüne ganat, ýüregine ylham, işlerine rowaçlyk bersin! Şeýle bagtyýarlyga ýetiren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýokdur. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylymyzda eziz Diýarymyz ösüşlerden-ösüşlere bedew bady bilen gadam ursun! Şeýle bagtyýar günleri döreden Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän ulydyr. Gündogar edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligini ylmy taýdan çuňňur öwrenmekde häzirki wagtda türkmen alymlary giň gerimli işleri amala aşyrýarlar. “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum geçirildi. Ol beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi. Bu maksatnama ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda guralan köp sanly dabaraly çäreleri öz içine aldy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen akyldar şahyryň goşgularynyň dünýä dillerine terjime edilmegi hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Magtymguly Pyragy özüniň mizemez şygyrlary bilen ene süýdi ýaly päk ynsanperwerlik, watansöýüjilik, edermenlik, gahrymanlyk ýaly duýgulary ynsan kalbynda oýaryp häzirki güne çenli halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmek, adalatlylyk ugrunda göreş, söýgi, watana, maşgala wepalylyk, birsözlülik, dünýäniň gurluşyna akyl ýetirmek ýaly özüniň şygyrlarynyň içinden eriş-argaç edip ussatlyk bilen geçirýär.
Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy geldi, maksatlarymyz myradyna gowuşdy. Bu bolsa şahyryň arzuwlarynyň, öwüt-ündewleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
11-nji oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Söwda-senagat edarasynda geçirilen ýokary derejeli foruma gatnaşmak üçin Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza geldiler. Myhmanlaryň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Hökümet agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, diplomatlar hem bar. Bu forum beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününi baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Bu maksatnama ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda guralan köp sanly dabaraly çäreler girizildi. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek halkara forumyň esasy maksadydyr.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy wakalarynyň biri boldy. Birnäçe ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary wekilçilikli forum dünýäniň habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi. Çärä gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň türkmen halkynyň dünýä medeniýetine uly goşandydygyny we ynsanperwerligiň, Watana söýginiň, umumadamzat gymmatlyklaryna hormatyň tükeniksiz çeşmesidigini nygtap, beýik akyldaryň döredijiligini wagyz etmek boýunça medeni dialogyň döwletleriň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine möhüm goşant goşjakdygyny, halklaryň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna, medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyna ýardam berjekdigini aýtdylar.
Dünýä metbugaty foruma gatnaşyjy ýurtlaryň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny sarpalamak bilen bir hatarda, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy, medeni dialogy esasy ugurlar hökmünde mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiklerini görkezendigini belledi. «Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy we Gündogaryň meşhur akyldarydyr. Onuň eserleri köp dillere terjime edilip, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi. Şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi Magtymguly Pyragynyň mirasynyň taryhy ähmiýetiniň ykrarnamasydyr» diýlip, habarlaryň birinde nygtalýar. Bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine türki dünýäde aýratyn sarpa goýulýar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi munuň aýdyň mysalydyr.