Häzirki wagtda ata Watanymyzda milli sportda buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar. Diňe bir gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler bilen çäklenilmän, öňde boljak iri sport ýaryşlaryna, çempionatlara, kubok ýaryşlaryna, Olimpiýa we Aziýa oýunlaryna şu günlerden ýokary depginli taýýarlyklar görülýär.
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde türkmen türgenlerini 2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak işleriniň barşy barada hormatly Prezidentimize hasabat berildi.
Hasabatda milli ýygyndy toparlarymyzy öňde boljak iri sport bäsleşiklerine, Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça işleriň barşy barada aýdylmak bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine guramaçylyk toparyny döretmegi, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sport toplumynda sportuň görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik sapaklaryny hem-de ýygnanyşyklaryny guramagy tabşyrmak teklip edilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň mejlisde milli türgenlerimiziň 2028-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmekleri üçin häzirden zerur işleri alyp barmak, bu ugurda degişli işleri geçirmek barada tabşyryk bermegi esasynda öňde boljak Oýunlara hemme taraplaýyn taýýarlyk görmek işleri täze bir joşgun, täze bir ruhy göteriliş ýagdaýynda badalga aldy. Mejlisde berlen tabşyryklara laýyklykda, ýurdumyzyň Hökümetiniň dürli ulgamlarynda geçirilen iş maslahatlarynda degişli edara-kärhanalaryň, şol sanda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we onuň garamagyndaky düzümleriň öňünde takyk wezipeler goýuldy.
Geldimyrat SOLTOWOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.