2000-den gowrak türgen at çapmak , at üstünde ýaý atmak we elguş awçylygy ýaly sport görnüşleri arkaly gadymy harby endikleri janlandyrmagy maksat edinýär.
Pariž şäherinde Paralimpiýa oýunlary tamamlanýarka, Astanada (Gazagystan) başga bir iri möçberli sport çäresi — Bütindünýä Çarwadarlar oýunlary başlaýar.
Iki ýyldan bir gezek geçirilýän bu çäräniň dowamynda türgenler taryhy çarwa halklaryň gadymy söweş ukyplaryny ulanyp, özara bäsleşerler.
21 görnüşde guraljak bäsleşikleriň maksatnamasynda at üstünde göreş, at çapyp barýarkaň ýaý atmak, söweş sungaty we elguş awçylygy, şeýle-de medeni we ylmy oýunlar bar.
Bütindünýä Çarwadarlar oýunlary etnosporty we etnomedeniýet hereketlerini ösdürmäge we gorap saklamaga gönükdirilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Gazagystanyň Medeniýet we maglumat ministri Aida Balaýewa «Euronews»-a beren interwýusynda: «Bütindünýä Çarwadarlar oýunlary ýurdumyzyň baý taryhy we medeni mirasyny görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir» diýip gürrüň berdi.
Häzirki oýunlar 8-nji sentýabrdan 13-nji sentýabr aralygynda dowam eder.
Olara 89 ýurtdan 2000-den gowrak türgen gatnaşar. Guramaçylar gatnaşyjylaryň çarwadarlyk mirasy bolmadyklaryň hem bu bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirendikleri üçin sanawyň uzalandygyny aýdýarlar.
Oýunlar ilkinji üç gezek Gyrgyzystanda, iň soňky gezek Türkiýede geçirildi.
www.euronews.com