Ýetginjek futbolçylardan düzülen toparlarymyzyň üçüsi Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen «AFL Kids Cup – 2024» halkara ýaryşda şowly çykyş etdiler.
2012-nji ýylda doglan futbolçylaryň arasyndaky bäsleşik toparlaryň 6-synyň atnaşmagynda bir aýlawda geçirildi. Netijede Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebiniň «Batly» topary (tälimçisi Gahrymanberdi Çoňkaýew) baş baýraga mynasyp boldy. Bu toparyň ezber oýunçysy Kemal Geldiýew ýaryşyň «Iň ökde oýunçysy» diýlip yglan edildi. Bu ýaş derejesinde geçirilen bäsleşikde ikinji, üçünji orunlary degişlilikde «Odil Žunior» (Özbegistan) hem-de «Roýal» (Gazagystan) toparlary eýelediler.
2014-nji ýylda doglan futbolçylaryň arasynda geçirilen bäsleşikde bolsa Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 11-nji sport mekdebiniň «Gökje» toparyna (tälimçisi Oraz Orazow) taý tapylmady. Bir aýlawdan ybarat bolan bäsleşikde ikinji, üçünji orunlarda Özbegistana wekilçilik eden TFA bilen «Çigataý» toparlary ornaşdylar. «Gökje» toparynyň ýarymgoragçysy Muhammetaly Rejepow «Iň ökde oýunça» gowşurylýan baýraga mynasyp görüldi.
2009-njy ýylda doglan futbolçylaryň arasynda geçirilen bäsleşige gatnaşan Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebiniň «Çandybil» toparynyň (tälimçisi Rahym Weliýew) çykyşy kümüş medal bilen jemlendi. 6 toparyň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşikde baş baýraga ýer eýesi «Lider Best» topary mynasyp boldy. «Çandybil» toparynyň oýunçysy Amanmyrat Çaryýew ýaryşyň «Iň ökde hüjümçisi» diýlip yglan edildi.
Soňky ýyllarda geçirilmegi däbe öwrülen «AFL Kids Cup – 2024» halkara futbol ýaryşy çagalaryň arasynda futboly wagyz etmekde we geljekki ýyldyzlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Futbol hünärmenleriniň türkmenistanly futbolçylaryň çykyşlaryna ýokary baha berendiklerini aýratyn bellemek gerek.
«Türkmen sporty» gazeti