Soňky habarlar

Türkmen samboçysy Ulan-Udede geçirilen Gran-pri ýaryşynda çempionlyk guşagyna eýe boldy

Russiýa Federasiýasynyň Burýatiýa Respublikasynyň Ulan-Ude şäherinde Söweş sambosynyň ligasy tarapyndan täzelenen düzgünlere laýyklykda, Gran-pri ýaryşy geçirildi.

Ýaryşda türkmen türgeni Suwhan Öwezgeldiýew 88 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Halkara ýaryşa ildeşlerimizden başga-da, Russiýanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýeňijiler pul baýragyna we çempionlyk guşagyna mynasyp boldular.

Söweş sambosynyň ligasy sportuň bu görnüşiniň meşhurlygyny artdyrmak we türgenleri goldamak maksady bilen, 2020 nji ýylyň fewral aýynda esaslandyryldy.

Türgenleriň deslapky duşuşyklary geçirmän, öz agram derejelerinde göni finala çykyp bilýändikleri bu ýaryşyň esasy aýratynlygydyr.

«Türkmen sporty» gazeti