Soňky habarlar

Jahan Rejepowa Dubaýda geçirilen ýaryşda 14 ýaşa çenli gyzjagazlaryň arasynda iň gowy netije görkezdi

BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen «Dubai Global Chess Challenge 2024» bäsleşiginde 18-e ýaşa çenli küştçüleriň arasynda 14 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda ýurdumyzyň çempiony türkmenabatly Jahan Rejepowa üstünlikli çykyş  getdi. Bäsleşige 42 ýurtdan 350 küştçi gatnaşdy.

Ildeşimiz mümkin bolan 9 utukdan 6,5 utuk toplap, 14 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda iň gowy netije görkezdi. Jahan üstünlige uzaýan ýolda Hindistandan, Filippinlerden hem-de Birleşen Arap Emirliklerinden bolan küştçülerden üstün çykmagy başardy.

«Türkmen sporty» gazeti