Ozal habar berlişi ýaly, Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti (HTF) Dewid Haggertiniň we Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) prezidenti Ýuriý Polskiniň ýakynda ýurdumyza eden ilkinji gysga wagtlyk sapary Türkmenistanyň sport durmuşynda belli waka boldy.
«AA»-nyň habarçysy ATF-iň başlygy bilen duşuşyp, söhbetdeşlik gurady.
– Ýuriý Fýodorowiç, Türkmenistana saparyňyzyň netijesine nähili baha berýärsiňiz?
– Türkmenistana gelmäge we Milli tennis federasiýasy bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik dörändigine men örän şat. Geçen ýyl Türkmenistanyň Tennis federasiýasy Merkezi Aziýada 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda saýlaw ýaryşyny örän ýokary derejede geçirmek bilen, hakyky şowhunly üstünlik görkezdi. Bu barada tennis toparlarynda köp gürrüň edildi, ony ýaryş guramakda nusga hökmünde mysal getirdiler. Elbetde, biz siziň sport infrastrukturaňyz bilen gyzyklandyk. Ony diňe bir Türkmenistan derejesinde däl, eýsem, tutuş Aziýada, mümkin boldugyça, giňden ulanmak mümkinçiligine göz ýetirmek üçin ähli zady öz gözümiz bilen görmek isledik.
– Gören zadyňyz tamaňyzy ödedimi?
– Gören zadym tamamdan-da ýokary boldy. Beýle derejäni görerin öýtmändim. Eger Aşgabat Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumy barada aýtmaly bolsa, ol – iň ýokary derejedäki 5 toplumyň biri.
– Aziýadaky bäş toplumamy?
– Dünýädäki! Aşgabatda ATR500 ýaryşlaryny arkaýyn geçirmek bolar. Bu – tennis boýunça hünäri ýaryşlar yzygiderliligi, olaryň ýeňijisi sanawda 500 bal alýar. Bu ýerde, bäş sany üsti ýapyk, 12 sany açyk kort we munuň üçin zerur ähli jaýlar bolany üçin hatda, Masters-de geçirmek bolar. Mundan başga-da sizde halkara derejedäki Dewisiň, Billi Jiň Kiň Kubogyny geçirmek üçinem ähli şertler bar. Meni bu ýerdäki zatlaryň hili-de begendirdi.
Özi-de, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň prezidenti Eziz Döwletowyň Aziýa federasiýasynyň (ATF) müdirler geňeşine saýlanmagy örän möhümdir. Kärdeşleri oňa uly ynam bildirip, ondan ATF-iň prezidentiniň Merkezi Aziýa sebitinden orunbasary bolmagyny-da haýyş etdiler. Bir zady belläýin, mundan öň türkmen tennisiniň taryhynda şunuň ýaly şanly waka bolmandy. Bu, meniň pikirimçe, kanuny zat. Bir tarapdan, bu türkmen tennisiniň ýeten derejesiniň ykrar edilmegi bolsa, beýleki tarapdan, bile işlemek we täze üstünlikleri gazanmak mümkinçiligidir.
Meniň aslyýetim Merkezi Aziýadan. Biz mundan öňem Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýärdik. Elbetde, indem birek-birege kömek etmäge çalşarys. Biz bäsdeş däl, biz bilelikde işleýäris. Meniň düşünjäm: diňe birek-birege kömek etmek bilen ösmek mümkin. Men Türkmenistanyň Tennis federasiýasy öňümizdäki dört ýylda ösüşe tarap täze itergi alar diýip, umyt edýärin, çünki döwlet Baştutanyndan iň ýokary derejede goldaw bar, Halkara tennis federasiýasyndan goldaw bar (HTF), Aziýa tennis federasiýasyndan (ATF) goldaw bar, döwrebap sport binýady bar, däp bar, dessur bar. Ine, mundan beýläk şuňa esaslanyp ösmeli.
– Aşgabat saparynyň barşynda Halkara tennis federasiýasynyň başlygy Dewid Haggerti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanda tennisiň ösüşine goşan uly goşandynyň ykrary hökmünde döwlet Baştutanyna ITF-iň şahadatnamasyny gowşurdy. Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyk sizde nähili täsir galdyrdy?
– Onuň ýurtda tennisiň ösüşi, çözmeli köp meseleler barada çuňňur habarlylygyny eşitmek örän ýakymly. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sportuň bu görnüşiniň «syrlaryndan» oňat baş çykarýar, oýunçylary tanaýar, bar bolan kynçylyklardan habardar, şeýle hem bizi, halkara guramalary tennisi bilelikde ösdürmäge işjeň çekýär. Ol, hakykatdan, ýurtda sportuň depginli ösmegi ugrunda jan çekýär, çünki sport jemgyýetiň ösüşiniň möhüm bölegidir.
Biziň aramyzda tennisi ösdürmek meseleleri boýunça diýseň aç-açan gürrüň boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň biziň ähli başlangyçlarymyzy goldamagy diýseň begendirijidir.
– Anyk haýsy başlangyçlaryňyzy?
– Baryp-ha, saýlawdan öňki meýilnamada Aziýada birnäçe sebit tennis türgenleşik merkezlerini açmak barada bir pikirim bardy. Türkmenistanda şunuň ýaly bir merkez döretmek we Merkezi Aziýa sebitinde oýunçylaryň ussatlyklaryny ösdürmek üçin ähli şertler bar. Türkmenistanyň oglanlar toparynyň geçen ýyl Merkezi Aziýa U12 çempionatynda görkezen gowy netijesi munuň aýdyň mysalydyr. Geçen ýaryşda ol ilkinji gezek Özbegistanyň toparyny ýeňmek bilen, ilkinji gezek Astanada geçirilen jemleýji tapgyra çykdy.
Mundan başga-da, siziň Aziýanyň ilkinji 4-lügine girýän Ilima Guseýnowa ýaly 14 ýaşa ýetmedik ajaýyp oýunçylaryňyz bar. Şunuň ýaly ýokary ballaryň saýasynda, ol kiçi Wimbldona düşmek üçin Malaýziýada geçjek saýlaw ýaryşynda oýnamak hukugyna mynasyp boldy. Iň abraýly «Uly tuwulga» ýaryşyna gatnaşmak üçin ol finala çykmaly.
Ýöne Ilima ol ýerde nähili oýnasa-da, bu onuň geljegi üçin gowy esas bolar. Biziň 16 ýaşa ýetmedikler üçin-de ýaryşlarymyz bar. Şonuň üçin, eger Wimbldonda şowly bolmasa, Ilima ýetginjekler üçin «Roland Garrosa» düşmäge synanyşyp biler. Şu ýyl saýlaw ýaryşy, soň Ýaponiýada jemleýji tapgyr bolar, ol ýerde indiki ýyl ýetginjekler üçin «Uly tuwulga» düşmek üçin wild card ugrunda bäsleşik geçer. Bizde «Austrlian Open» (Açyk Awstraliýa) bilen-de bir taslamamyz bar, ýagny mümkinçilik köp. Esasy zat oýunçylaryň bularyň hemmesine gatnaşmagy we bäsleşik arkaly üstünlik gazanmagydyr.
Bilelikdäki taslamalaryň netijesinde has köp türgenler ýokary derejeli ýaryşlara çykjakdygyna men ynanýaryn, sebäbi sizde zehinli tennisçi gaty köp. Biz türgenleşiklere tomaşa etdik, ýaşlaryň gözleriniň uçganaklaýandygyny, tennisde köp zat gazanmak isleýändiklerini gördük. Tälimçiler-de ösmek isleýärler. Olaryň öz okuwlaryna eýýäm näçe wagt sarp edendiklerini görüp begendim. Olaryň köpüsinde eýýäm Level-1 (1-nji dereje), käbirlerinde bolsa Level-2 (2-nji dereje) bar. Munuň diňe başlangyçdygyna, olaryň hünär taýdan ösmegini dowam etdirjekdigine ynanýaryn.
Biziň wezipämiz – türkmen tennisiniň, onuň bilen bilelikde-de Merkezi Aziýada we tutuş Aziýada tennisiň hasam ösmegi üçin Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen bilelikde işlemek.
– Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin sebit tennis merkeziniň açylmagy haçana meýilleşdirilýär?
– Aşgabatda ilkinji taslamamyzyň şu ýylyň sentýabr aýynda durmuşa geçirilmegini islärdim, belki türgenleşik ýygnanyşygyndan ýa-da haýsydyr bir ýaryşdan başlap bileris. Näçe ir başlasak, şonça-da ir ilkinji tejribe toplarys we nämäniň üstünde has gowy işlemelidigimize, diýmek mundan beýläk-de ösmelidigimize düşüneris.
– Türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmegi meýilleşdirýärsiňizmi?
– Haýsydyr bir waka bilen baglanyşykly bolmasa, diňe türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmegiň manysy ýok. Islendik tennisçi üçin esasy waka ýaryşdyr. Şonuň üçin, meniň pikirimçe, türgenleşik ýygnanyşygy we derrew birnäçe ýaryş bolmaly. Şonda Aziýanyň iň güýçli oýunçylary türkmen tennisçileri bilen türgenleşip-de, ýaryşda oýnap-da bilerler. Şeýlelik bilen, goşa täsir ýüze çykýar: bir tarapdan, türgenleşik işinde özara gatnaşyk, beýleki tarapdan, ýokary bal utuklaryny gazanyp boljak ýaryş tejribesi.
Türkmenistanda tennisi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başga pikirlerem bar. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygymyzda, biz ýurduň beýleki sebitlerinde, şol sanda eýýäm öz sport infrastrukturasy bolan ilkinji «akylly» şäher Arkadagda tennis merkezlerini gurmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdyk.
Köp çaganyň oýnaýan Aşgabat Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumyny gowy ulanylýar. Şonuň üçin sportuň bu görnüşine has uly köpçülikligi çekmek we oýunçylaryň arasynda bäsleşigi ýokarlandyrmak üçin, şuňa meňzeş birnäçe zadyň bolmagy has gowudyr. Biz bu strategiýany Gazagystanda ençeme ýylyň dowamynda ulandyk, ol ýokary netije görkezdi. Meniň pikirimçe, Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Türkmenistanda tennisde birnäçe taslamany durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar.
www.turkmenistan.gov.tm