Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Ýetginjek türgenimiz Bahreýnde geçirilen III Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etdi

Türkmenistanyň milli ýygyndysy 26-30-njy oktýabr aralygynda Bahreýnde ýetginjekleriň arasynda geçirilen III Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmek bilen baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Häzirki ýaryşyň dowamynda Türkmenistana wekilçilik edýän türgenlerimiz medallaryň üçüsini, şol sanda bir altyn we iki bürünç medallary gazandylar. Ýetginjekleriň III Aziýa oýunlarynda agyr atletika boýunça türgenimiz, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçysy Didarbek Jumabaýew Aziýa oýunlarynyň rekordyny täzelemek bilen ýurdumyza birbada iki medal getirdi.

Aşgabadyň «Olimp» sport mekdebiniň okuwçysy agyr atletika boýunça 79 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 177 kilogram möçberdäki agyrlygy «itekläp» göterip, iň ýokary baýraga – altyn medala mynasyp boldy we Ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa oýunlarynyň täze rekordyny goýmak bilen Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda ýaşyl Tugumyzy belentde parlatdy. 

Şeýle hem ol «birden götermek» görnüşinde 138 kilogram netije bilen bürünç medal gazandy.

Aziýanyň 45 döwletinden 4000-den gowrak türgenleri bir ýere jemlän ýaryşlar Bahreýn Patyşalygynyň paýtagty Manama şäherinde geçirilip, onda Türkmenistanyň 38 sany ýaş türgenlerinden ybarat bolan sport wekiliýeti agyr atletika, boks, göreş, basketbol we kuraş ýaly sportuň sekiz görnüşi boýunça çykyş etdiler.

Ýurdumyzyň ýaş türgenleriniň gazanýan ähli medallary “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da” Watanymyzyň sportda gazanýan üstünlikleriniň hataryny artdyryp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen we hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň sport ulgamynyň halkara derejelerinde ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.  

Güljahan AMANOWA,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta sport mekdebiniň mugallymy.