Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Galkan» hokkeý kluby Aşgabatda geçirilýän halkara ýaryşynda finala çykdy

Türkmenistanyň «Galkan» hokkeý kluby Aşgabatda geçirilýän halkara ýaryşynda, şu gün ýaryşyň 4-nji tapgyrynda Özbegistanyň «Feniks» toparyny 9:1 (3:0, 4:0, 2:1) hasabynda ýeňip, finala çykdy. Yzly-yzyna 4-nji ýeňşini gazanyp, Türkmenistanyň 8 gezek çempiony bolan «Galkan» hokkeý kluby 12 utuk gazandy we «A» toparçada möhletinden öň 1-nji orny eýeledi.

«Galkanyň» final oýny boýunça bäsdeş topary 19-njy aprelde ― «B» toparçadaky ýaryşlaryň jemleýji gününde belli bolar. Bu toparçada 1-nji orna dalaş edýänler «ADIHIC-Kazan» (RF, Tatarystan Respublikasy), «Volat» (Belarus) we «Akmola» (Gazagystan) toparlarydyr.

«Türkmen sporty» gazeti.